Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-ä 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmegi teklip edýär

23:2021.07.2022
0
4019

Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy taýýarlaýar. Bu barada Serdar Berdimuhamedow şu gün Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy taýýarlaýar we biz bu oňyn teklibiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirýäris — diýip, Serdar Berdimuhamedow «Watan» habarlar gepleşiginde görkezilen çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutanynyň nygtamagyna görä, sebit gapma-garşylyklarynyň ýygylygynyň artmagy bilen baglylykda, olary aradan aýyrmak, öňüni almak boýunça ylalaşykly garaýyşlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Şu babatda biz sebitde, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlarymyzy teklip edip bileris we teklip etmelidiris, oňa hemmetaraplaýyn goldaw, ýardam bermelidiris. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi teklip edýärin — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýyl ilkinji gezek duşuşýandygyny ýatladýarys. Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň