Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleri boýunça metbugat mediaforumyny geçirmegi teklip etdi

22:2321.07.2022
0
3680

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu gün Gyrgyzystanyň Çolpon Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.

Munuň özi oňyn maglumat ýagdaýyny döretmäge, sebitdäki anyk ýagdaýa, bu ýerde bolup geçýän wakalara, döwletleriň we hökümetleriň Merkezi Aziýanyň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi, biziň halklarymyzyň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek babatdaky tagallalaryna oňat düşünmäge ýardam berer diýip pikir edýärin — diýip, Serdar Berdimuhamedow «Watan» habarlar gepleşiginde görkezilen çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak, şeýle hem ýurtlaryň döwlet maglumat düzümleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň üstünde işlemek barada pikirlenmegi teklip etdi.

Täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir «Özüňi alyp barmagyň kodeksini» işläp taýýarlamak mümkin bolsa gerek — diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeninden soň, ilkinji gezek Gyrgyzystana baryp görendigini we ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşandygyny ýatladýarys.

Sammit başlamazdan ozal Prezident Serdar Berdimuhamedow gyrgyzystanly kärdeşi Sadyr Žaparow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň