Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow: «Merkezi Aziýa parahatçylygyň we ynanyşmagyň zolagy bolmagynda galmalydyr»

22:0921.07.2022
0
4036
Serdar Berdimuhamedow: «Merkezi Aziýa parahatçylygyň we ynanyşmagyň zolagy bolmagynda galmalydyr»
Surat: tdh.gov.tm

Merkezi Aziýa parahatçylygyň we ynanyşmagyň zolagy bolmagynda galmalydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişler bolup geçdi, täze ýagdaýlar, wehimler peýda boldy.

Howpsuzlygy üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe boldy diýip aýdyp bilmeris. Howplar bar, olar dürli görnüşlerde we dürli ýagdaýlarda ýüze çykýar — diýip, Serdar Berdimuhamedow «Watan» habarlar gepleşiginde görkezilen çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti howplaryň dürli görnüşlerde we dürli ýagdaýlarda ýüze çykýandygyny nygtap, şolaryň esasylary barada durup geçdi.

Birinjiden, bu sebitiň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşykdyr.

Şu ýerde men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýurtda parahatçylygy saklamaga, raýatlaryň ömrüni we howpsuzlygyny goramaga, döwlet, jemgyýetçilik institutlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen öz wagtyndaky, aýgytly hereketleriniň Türkmenistan tarapyndan berk goldanylýandygyny tassyklamak isleýärin — diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Ikinjiden, munuň özi ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygydyr. Terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşleridir.

Üçünjiden, munuň özi biziň sebitimiziň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsiridir.

Dördünjiden, munuň özi maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagydyr, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagydyr.

Wehimler sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, biziň öňe gitmegimize päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap edýär.

Biz bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem-de güýçlendirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Işi utgaşdyrmagy biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guraly arkaly öz üstüne almalydyr. Ýagdaýy hemişe öwrenmek, öz wagtynda maglumatlary alyşmak, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermek zerur bolup durýar — diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem, döwlet Baştutany Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak barada tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň