Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady

13:4120.07.2022
0
4419

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassis Türkmenistanyň Prezidentine Şweýsariýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyndaky hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirdi hem-de Serdar Berdimuhamedowy bu şanly sene bilen mähirli gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Ýurdumyz biziň öňden gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza, birnäçe halkara maliýe düzümleriniň çäklerindäki umumy bähbitlere, üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Bretton-Wud edaralarynda, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynda hem-de Ählumumy ekologiýa gaznasynda ses bermäge bilelikde gatnaşmagymyz biziň hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Bilelikdäki tagallalarymyzyň ýurtlaryň ikisine-de peýda getirjekdigine ynanýaryn» diýlip, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.

Şeýle-de okaň:

Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň