Soňky habarlar

Arhiw

Salome Zurabişwili Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady

12:5820.07.2022
0
3893

Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gruzin halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýar. Munuň özi birnäçe möhüm ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şu baýramçylyk gününde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin möhüm ädimleri ätjekdigimize ynam bildirýärin» diýip, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili gutlag hatynda belleýär.

Şeýle-de okaň:

Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini gutlady

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň