Arhiw

«Gadymy kerwen» Türkmenistan boýunça ýükleri 20% arzan bahadan eltip berýär

13:1219.07.2022
0
9521

«Gadymy kerwen» ulag kompaniýasy her anna güni Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Türkmenbaşy şäherlerine ýükleri eltip bermekde 20% arzanladyş yglan edýär.

Kärhana ýükleri welaýatyň içine bolşy ýaly, beýleki welaýatlara eltip bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. Welaýatyň içi boýunça ýükleri eltip bermek hyzmaty bir günüň dowamynda, beýleki welaýatlara bolsa iki günüň dowamynda amala aşyrylýar.

Ýükleri kabul etmek her gün sagat 9:00-dan 16:00-a çenli, ýükleri gapydan ýygnamak işi bolsa sagat 13:00-dan 18:00-a çenli amala aşyrylyp, ýükler bellenilen nokatlara indiki gün iberilýär.

«Gadymy kerwen» kompaniýasynyň et, şöhlat önümleri, süýt önümleri, ýumurtga, miweler we gök önümler ýaly çalt zaýalanýan azyk harytlaryny, şeýle hem ýanmak we partlamak howpy bolan zatlary daşamak bilen meşgullanmaýandygyny bellemek gerek.

Agramy 1-4 kg aralygyndaky we 40*30*30 sm ölçegdäki ýükleri Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerine eltip bermek hyzmatynyň nyrhy 50 manat. 4 kilogramdan agyr ýükleriň her kilogramy üçin goşmaça 10 manat tölenýär. Ilatly nokatlara ýükleri ibermek üçin hyzmatyň iň ýokary nyrhy 100 manatdyr.

«Gadymy kerweniň» hyzmatlary ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan dostlaryna ýa-da garyndaşlaryna ýükleri ibermek isleýän raýatlara bolşy ýaly, öz harytlaryny bütin Türkmenistana eltip bermek hyzmatyny hödürleýän internet-dükanlar üçin hem peýdaly bolup biler.

Mundan başga-da, «Gadymy kerwen» ulag kompaniýasynyň iş ugruna Hytaýdan, BAE-den we Türkiýeden islendik harydy gözlemek we getirip bermek, şeýle hem GDA we beýleki döwletlerde logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hem girýär.

«Gadymy kerwen» bilen habarlaşmak üçin:

  • (+993 63) 06 66 99, (+993 61) 10 81 77, (+993 65) 22 35 75;
  • Sosial ulgam hasaby;
  • Salgysy: Aşgabat, G.Kulyýew köçesi, 86-njy jaý, «Gujurly Ýaşlar» binasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň