Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

09:4407.04.2015
0
6743

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gyzgyn gutlady. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanda köp sanly köpçülikleýin sport we bedenterbiýe çäreleri geçirilýär.

Ak mermerli Aşgabatda bina edilen Olimpiýa suw-sport toplumy, Milli olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, köpugurly “Aşgabat” stadiony, şeýle-de welaýatlardan gurlan köp sanly iri sport desgalary beden taýdan berk, ruhubelent nesilleri terbiýelemäge, türkmen sportuny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge giňden ýardam edýär.

Munuň özi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe adam hakyndaky aladanyň jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygy hökmünde orta çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.  

—Sport dost­lu­gyň we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy­dyr. Şo­nuň üçin biz Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň asyl­ly mak­sat­la­ry­ny we ýörel­ge­le­ri­ni do­ly gol­da­ýa­rys. Biz dür­li de­re­je­ler­de, aý­ra­tyn-da, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi bi­len pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­giň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýäris. Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň Aş­ga­bat şähe­rin­de 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we söweş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky ýöri­te çöz­güdi bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň olim­pi­ýa tag­ly­mat­la­ry­na we ýörel­ge­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ösüş we pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk we ag­zy­bir­lik, döre­di­ji­lik we yn­san­per­wer­lik ýa­ly baş­lan­gyçla­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär — diýlip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkyna baýramçylyk gutlagynda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň