Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» islendik gurşaw üçin lýustralary we gülçyralary hödürleýär

09:3619.07.2022
0
7574

Ak gaýa» gurluşyk we öý-hojalyk harytlarynyň dükanlar tory alyjylar köpçüligine dürli bahalardan islendik stile kybap gelýän lýustralary we gülçyralary ýetirýär.

Bu dükanlardan her hili interýere niýetlenen lýustralary tapmak bolýar. Nusgawy görnüşdäki gurşawly öýler üçin dükandan klassik görnüşdäki, «barokko» ýa-da «rokoko» stildäki uly hrustal lýustralary, şeýle-de asylýan ýa-da altyn çaýylan köneçil şekildäki çyralary saýlap bilersiňiz. Stili boýunça has durnukly reňksiz ýa-da reňkli plafonlar bolsa häzirki zaman, «loft» ýa-da skandinaw interýere laýyk bolar.

Haryt görnüşleri bilen tanşyp, öýleriňizi ajaýyp lýustralardyr gülçyralar bilen bezemek isleseňiz dükanlar torunyň şu görkezilen salgylaryna ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: 575555, +993 65 411010;
  • Aşgabat ş., 2127-nji köçe (G.Kulyýew köçesi), 40-njy jaý (Ak gaýa), telefon belgileri: 575757, 754375, +993 64 664488;
  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, Ak Tam bazary, 1-2nji dükanlar, telefon belgileri: +993 65 546232, +993 62 822220.

Şeýle-de, okaň:

Şeýle-de, wideony görüň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň