Soňky habarlar

Arhiw

Içerki sarp edijiler üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine degişli üýtgetmeler we goşmaça girizildi

22:2318.07.2022
0
8089

«Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran 2572-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine degişli üýtgetmeler we goşmaça girizildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gol çekilen degişli Karara laýyklykda, ýer böleklerini alan daýhan hojalyklaryny we önüm öndürijileri goşmaça goldamak göz öňünde tutulýar. Şol maksat bilen, olaryň tehnikalary üçin zerur bolan dizel ýangyjyny ýurduň içerki sarp edijileri üçin tassyklanan bahalar boýunça ýerlemek bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň