Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty Daşkent şäherinde geçiriler

22:5418.07.2022
0
3713

Özbegistanyň Daşken şäherinde geçirilen Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň (AWF) mejlisinde 2024-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriljek ýeri mälim edildi. Bu barada Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Oňa laýyklykda, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin reýting utuklaryny berýän yklym birinjiligini geçirmek Daşkent şäherine ynanyldy.

Maglumat üçin, 2024-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek üçin Özbegistandan başga-da Hindistan we Türkmenistan hem arza tabşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň