Aşgabatda Hökümetara türkmen-moldowa toparynyň birinji mejlisi geçirildi

07:2007.04.2015
0
2558

6-njy aprelde Aş­ga­bat­da Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Höküme­ta­ra türk­men-mol­do­wa to­pa­ry­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Ol Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ni­ko­lae Ti­mof­ti­niň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de gu­ral­dy.

Iki dost­luk­ly ýurt­la­ryň döw­let hem-de te­le­ke­çi­lik düzüm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň bi­na­syn­da ge­çi­ri­len işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne deň­hu­kuk­ly­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li­lik nuk­daý­na­za­ryn­dan gu­ral­ýan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar Türk­me­nis­ta­nyň we Mol­do­wa­nyň däbe öw­rülen dost­luk­ly, ynam­ly gat­na­şyk­la­ra öza­ra yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len döre­di­len bi­le­lik­däki to­pa­ryň şu ýyl­lar­da ýo­la goý­lan ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­me­giň ne­ti­je­li usu­ly­na öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki dost­luk­ly ýur­duň eýe bo­lan kuw­wa­ty­ny hem-de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösüşi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça anyk ädim­ler ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

We­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ry türk­men-mol­do­wan gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň we deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne köp ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýy­lyň tom­sun­da Ki­şin­ýo­wa bo­lan res­mi sa­pa­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň ýar­dam eden­di­gi ba­ra­da bir pi­ki­re gel­di­ler.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar Türk­me­nis­ta­nyň we Mol­do­wa­nyň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-gu­ma­ni­tar gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mäge öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, to­pa­ryň alyp bar­ýan işi­niň äh­li ugur­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, söw­da-yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, gur­lu­şyk pu­dak­la­ryn­da, dok­ma se­na­ga­tyn­da, ulag we ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, azyk we gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat­da giň ge­rim­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mäge täze iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Şeýle hem ta­rap­lar me­de­ni we ylym-bi­lim gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek hem-de sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş et­di­ler.

Hu­su­san-da, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek, eks­port-im­port amal­la­ry­ny art­dyr­mak hem-de ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň we edil­ýän hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça yla­la­şy­lan çä­re­le­ri ka­bul et­me­giň möhüm­di­gi bel­le­nil­di. Umu­my pi­ki­re görä, bi­le­lik­däki ser­gi-söw­da çä­re­le­ri­niň hem-de iki ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry, şeý­le hem ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­ler ha­kyn­da mag­lu­mat­la­ryň yzy­gi­der­li al­şyl­ma­gy mu­ňa gös-göni ýar­dam eder.

Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar dür­li de­re­je­däki iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry, şol san­da işe­wür­ler mas­la­hat­la­ry­ny we sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­me­giň aý­ra­tyn möhüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ni­ko­lae Ti­mof­ti­niň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek du­şu­şy­gy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň ta­ry­hyň, me­de­ni we ru­hy däp­le­riň umu­my­ly­gy bi­len bir­le­şen iki ýur­duň hem-de ola­ryň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň täze tap­gy­ry üçin baş­lan­gyç bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň