Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň SG we DSM-niň Habarlar merkezi jokrama yssyda köp gezmezligi maslahat berýär

13:2718.07.2022
0
66009

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkeziniň hünärmenleri yssy günlerde özüňizi Gün şöhlelerinden nädip goranmalydygy barada maslahat berdiler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň sahypalarynda habar berildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň pikiriçe, ýurtda tomsuň jokrama günleri dowam edýär.

Yssy günlerde gün şöhlelerinden goramak üçin birnäçe ýönekeý maslahat kömek eder:

  • Günüň dowamynda arassa agyz suwy 1,5-2 litr mukdarda içmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly we lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerine öz wagtynda dogry kabul etmeli.
  • Kakadylan, ter miweleri kabul etmeli, ter miweleriň şirelerini lukmanyň maslahatyna esaslanyp kabul etmeli.
  • Kabul edilýän nahar ýeňil we ýokumly bolmaly. Her günki kabul edilýän nahar kabul etmegiňizden öň taýýarlanmaly.
  • Her bir adam daşardan yssy howadan salkyn öýe girende hökman derli eşigini gury eşigine çalyşmaly, birbada gelip howa sowadyjynyň aşagyna kellesini, ýüzüni we petekesini tutmaly däl, sebäbi bu kelle beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklama kesellerine getirýär we ýokary dem alyş ulgamyň keselleriniň sebäbi bolup durýar.
  • Şeýle hem gyzyp gelip, sowuk suwuň aşagyna girmek düýbünden maslahat berilmeýär. Şeýle hem gyzyp gelip, sowadyjydan buz ýaly sowuk suwy, dürli içgileri birbada içmek düýbünden gadagan. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň ýiti sowuklama keselleriniň esasy sebäbidir.
  • Üşemek, Günüň aşagynda gyzmak – ikisem beden üçin sarsgyn ýagdaýdyr. Şol sebäpden bedeni bu ýagdaýlardan paýhasly alyp çykmaly, sebäbi ýiti sowuklama keselleriň döremegi we dowamly keselleriň ýitileşmegi mümkin. Bu ýagdaýda bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaly. Mylaýym bally limonly çaý içmeli, alma gaýnatmasyny we demlemesini, itburun we zirk, çopantelpek demlemelerini kabul etmeli. Olar bedene gerek bolan mikroelementleriň öwezini dolýarlar we kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýarlar.

Tomus paslynda hem deňziň kenarynda özüňi dogry we paýhasly alyp barmaly. Günüň ýiti döwründe ýa-da Gün ýaşandan soň agşam sagat 2100-dan soň deňze girmek, çuň ýerlere barmak düýbünden gadagan. Her bir zatda, hususan-da saglyk bilen bagly meselede paýhasly çemeleşmeli. Özüňizi şu tertipde alyp barsaňyz, onda tomus pasly diňe siziň saglygyňyza saglyk goşar we lezzet berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň