Köpugurly “Aşgabat” stadionynyň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda tennis meýdançasynyň açylyş dabarasy boldy.
Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabatabatlaýyşgurluşyk” önümçilik birleşigi bu desganyň baş buýrujysy bolup çykyş etdi, taslama boýunça ähli gurluşyk işlerini bolsa “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.
Desganyň umumy meýdany 11 müň 242 inedördül metr bolup, onda merkezi meýdança we standart ölçegli türgenleşik meýdançalary ýerleşdirilipdir. Olar ýokary derejeli oýunlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Tomaşaçylar üçin orunlar 560 adama niýetlenendir. Tennis toplumyna 80 awtomobil üçin ulag duralgasyny goşmak bilen, şeýle desgalaryň döwrebap düzümleri üçin zerur bolan egin-eşik çalşyrylýan, tälimçiler üçin otaglar we beýlekiler girýär.
Tennis — bu tizlikli we özüne çekiji oýun. Ýurdumyzda, esasan, ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy artýar. Türkmenistanyň milli tennis merkezi 1992-nji ýylyň aprelinde döredildi. Geçen döwrüň içinde halkara derejede ykrar edilen köp tejribe toplanyp, uly üstünlikler gazanyldy. 2003-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä tennis federasiýasynyň doly hukukly agzasy boldy.
Türkmenistanyň Milli tennis merkezi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga dürli ýaşdaky adamlary çekmek boýunça uly işleri alyp barýar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, şeýle hem “Zehinleriň gözleginde” atly bäsleşigiň çäklerinde mekdebe çenli we mekdep ýaşly çagalaryň arasynda tennis boýunça geçirilýän yzygiderli ýaryşlar, kiçi tennis boýunça guralýan görkezme çykyşlary onuň köpçülikleýin häsiýetli bolmagyna ýardam edýär.
Türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. Ýakynda tennisçi ussatlarymyz Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherinde geçirilen abraýly ýaryşlaryň biri bolan Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Şonda olar ady belli garşydaşlaryndan birnäçe ýeňiş gazanyp, finala çykdylar.
Tennis hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk şu gün türkmen paýtagtynda açylan döwrebap tennis meýdançasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olimpiýa şäherçesiniň 4 müň tomaşaçy orunlyk merkezi tennis meýdançasy oýunlaryň baş tennis meýdançasy bolar.
Döwlet Baştutany ulanmaga berilmegi “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin çäreler bilen özboluşly mana eýe bolan täze sport desgalarynyň ýokary hil derejesini kanagatlanma bilen nygtap, bu ählihalk çäresiniň döredijilik, sagdyn durmuş ýörelgelerine we sporta eýermek pikirleriniň töweregine watandaşlarymyzy has-da jebisleşdirmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutany paýtagtymyzda şu gün açylan desgalaryň mähriban halkymyza, häzirki we geljekki nesillerimize hyzmat etjekdigini aýtdy.