ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş orunlaryny yglan etdi

12:4618.07.2022
0
20975

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwlet departamentiniň resmi saýtynda şu wezipeler üçin açyk (wagtlaýyn) boş iş orunlarynyň bardygyny mälim etdi:

  • Tehnik-elektrik;
  • Generator hyzmatlary boýunça mehanik;
  • Sowadyjyny bejermek boýunça tehnik;
  • Dürli işler boýunça işçi;
  • Bagban;
  • Tämizleýji

Degişli iş orunlaryna isleg bildirýän dalaşgärler arzalaryny 2022-nji ýylyň 27-nji iýulyna çenli tabşyryp bilerler.

Boş iş orunlary bilen tanyşmak we arzalary ibermek üçin şu salgylanma ýüz tutup bilersiňiz.

Arzalary tabşyrmagyň şertleri we başga-da zerur maglumatlary bolsa şu ýerden tapmak bolýar.

Arzalar kagyz ýa-da elektron poçta salgysy arkaly adaty görnüşde kabul edilmeýär. Munuň üçin arza talabalaýyk doldurylmalydyr we şu salgylanmadaky işe kabul etmegiň elektron arza ulgamy arkaly iberilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň