Soňky habarlar

Arhiw

Şanhaýyň haýwanat bagynda emeli ýagyş ýagdyrdylar

13:2217.07.2022
0
4011

Şanhaýyň haýwanat bagynda emeli ýagyn gurnadylar. «MIR24»-iň habar bermegine görä, bagyň işgärleri haýwanlary heläk ediji yssydan goramak üçin olaryň ýaşaýan kapasalaryna ýagyş ýagdyrdylar, sebäbi häzir bu ýerde howanyň derejesi 40-dan geçdi.

Adatça şeýle usul bilen güllerdir oba hojalyk ekinleri suwarylýar, emma häzir suw pürküjileri düýeguşlar, gaplaňlardyr kirpiler üçin ulanmak kararyna geldiler. Haýwanlar serginlediji ýagşyň astynda hezil etdiler, sebäbi ussy zerarly olar hatda ýatan ýerlerinden gozganjagam bolanoklar. Diňe gyzyl pandalar yssa garamazdan, işjeň hereket etmegi we oýun oýnamagy dowam edýärler, emma gün mazaly gyzanda, olaram kölegä süýşenlerini kem görenoklar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň