Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykýar

15:0415.07.2022
0
20423
Türkmenistan bilen Özbegistanyň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykýar
Surat: uzdaily.uz

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykar. Muny düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana bolan döwlet saparynyň birinji gününde iki döwletiň arasynda gol çekilen Ylalaşyk hem aýdyň tassyklaýar.

Uzdaily.uz saýtynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gazanylan hyzmatdaşlyk şertnamasy iki ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmegi hem-de «Beýik ýüpek ýoly» we «Bir syýahat — bütin sebit» atly özara bilelikdäki gatnaw ugurlaryny ilerletmek işlerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmegi nazarda tutýar.

Ylalaşygyň çäklerinde utgaşdyrylan mahabat çäreleri, tanyşdyryş gezelençleri, okuwlar we syýahatçylyk pudagynyň wekilleri üçin işgärleri gaýtadan taýýarlamak ýaly çäreler amala aşyrylar. Şeýle-de özara maglumat alyşmak işleri, bar bolan we täze bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek babatda hem özara işler ýerine ýetiriler.

Gol çekilen Ylalaşyk Türkmenistandan Özbegistana syýahatçylygyň akymyny, Özbegistanyň syýahatçylyk brendiniň türkmen bazarynda ykrar edilmegini we iki ýurduň syýahatçylyk pudagynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi maksat edinýär.

Täze resminamanyň güýje girizilmegi bilen, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda kabul edilen syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Şertnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky Döwlet komiteti bilen «Uzbekturizm» milli kompaniýasynyň arasynda 2009-njy ýylyň 25-nji fewralynda gazanylan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Şertnamasy güýjüni ýitirýär.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň