Türkmenistanda “Suw damjasy — altyn dänesi” baýramy giňden bellenildi

02:0706.04.2015
0
15055

5-nji aprelde Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we etraplarynda her ýylyň aprel aýynyň ilkinji dynç gününde bellenilýän “Suw damjasy — altyn dänesi” umumymilli uly baýramçylyk mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Şu gün paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Garagum derýasynyň kenary baýramçylygyň esasy geçýän ýerine öwrüldi. Owadan bezelen seýilgähde myhmanlary garşylamaga garaşýan ak öýler dikilipdir. S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň aýdym-saz toparynyň çykyşy dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Baýramçylyga gatnaşmaga gelen köp sanly adamlary bu ýerde däp bolan milli tagamlar bilen garşyladylar.

Derýanyň kenarynda çeperçilik eserleriniň ýaýbaňlandyrylan owadan sergisi—suratlar, heýkeller, amaly-haşam sungatynyň önümleri dabara gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Olarda halkymyzyň suwa sarpaly garaýşy, onuň ýaşaýşyň çeşmesidigi wasp edilýär.

Türgenleriň görkezme çykyşlary bu günki dabaralaryň maksatnamasynyň ýatda galyjy bölegi boldy. Seýilgähiň dürli meýdançalarynda milli oýunlar, göreş, küşt we şaşka boýunça ýaryşlar geçirilýän wagty Garagum derýasyndan baýdarkalar we kanoeler ýüzüp geçdiler. Olarda biziň gaýykçy türgenlerimiz tomaşaçylara öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Baýramçylygyň çäklerinde Garagum derýasynyň kenaryndaky bu seýilgäh zolagynyň täze böleginde ýaş bag nahallary oturdyldy. Dabara gatnaşyjylaryň her biri uly höwes bilen pile ýapyşyp, mähriban topragymyzyň gözelligini has-da artdyrmak üçin ýüzlerçe täze nahallary oturtdylar.

Gadymy türkmen obasynyň keşbini döredip, bu ýerde dikilen ak öýlerde türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan myhmansöýerlik we göwnaçyklyk bilen myhmanlaryň ählisini ýakymly ysly çörek, pişme, tagamly düýe çaly we beýleki däp bolan milli tagamlar bilen garşyladylar.

Suwuň şanyna ýatdan çykmajak bu baýramçylyk türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, parahatsöýüjiliginiň we açyklygynyň nobatdaky mysalyna öwrüldi, ol dürli hünärli adamlary — melioratorlary we suw işgärlerini, miraplary we mehanizatorlary, tehniki işgärleri we gurluşykçylary ýeke-täk dostlukly we bagtyýar maşgala hökmünde birleşdirdi. Şol hünär eýeleriniň iň gowularyny, däbe öwrülişi ýaly, şu gün ähli welaýatlardan we ýurdumyzyň paýtagtyndan bolan önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasynyň barşynda hormatlaýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sungat ussatlarynyň bu ýerde bolan uly konserti baýramçylygyň bezegine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň