Soňky habarlar

Arhiw

Figuralaýyn typmagyň ady rowaýata öwrülen wekili Ýelena Çaýkowskaýa Russiýada okamak üçin zehinli türkmen figuralaýyn typyjylaryň seçip alnyşyşyny geçirdi

01:4906.04.2015
0
5616

Gyşky görnüşler sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçirilen figuralaýyn typyjylaryň görkezme çykyşlary geçen hepdäniň gözellige beslenen wakalaryň biri boldy. Ajaýyp sazlar owadanlygy, çalasynlygy özünde jemleýän hereketler bilen sazlaşyp, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň ýaş zehinleriniň barha kämilleşýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Umuman alnanda, tälimçiler Karina Mowsesýanyň, Jennet Nurýagdyýewanyň we Aýhanum Gulamalyýewanyň şägirtleri 17 çykyş görkezdiler.

Şol günler Aşgabatda figuralaýyn typmak boýunça dünýä belli halypa, Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýelena Çaýkowskaýa boldy. Ol Russiýanyň sport mekdebinde okatmak, halkara ýaryşlaryna taýýarlamak maksady bilen gelejegine umyt bildirilýän ýaş türkmen figuralaýyn typyjylarynyň seçilip alnyşyny gurady.

Ýelena Anatolýewna Çaýkowskaýa olimpiýa çempionlary — tanymal tans jübütleri Aleksandr Garşkow — Lýudmila Pahomowa, Gennadiý Karponosow — Natalýa Liniçuk, Ýewgeniý Platow — Oksana Grişşuk... ýaly türgenleriň tälimçisi hökmünde bellidir.

Görkezme çykyşlaryny synlap bolansoň ol şeýle diýdi:

—Men figuralaýyn typmagyň özboluşly mekdebini gördüm, ol oňat saz gurluşyny we sport tanslaryny özünde jemleýär. Türkmen figuralaýyn typyjylary «sazyň» diline düşünýärler, bu bolsa esasy zatdyr...

Ýelena Çaýkowskaýa Aşgabada gelmeginiň bir sebäbi buzuň üstünde tans etmek boýunça XXIX halkara çagalar festiwalyna gatnaşdyrmak üçin ýaş zehinleri gözden geçirmekden ybarat bolup durýar. Ol 18-nji aprelde Moskwanyň «Lužniki» sport toplumynda geçiriler. Geçen ýyl bu festiwalda biziň figuralaýyn typyjylarymyz — «Moral» tans topary «Çykyşyň goýluş özboluşlygy» üçin baş baýraga, 2013-nji ýylda bolsa «Iň oňat hereografiýa üçin» ugry boýunça ýeňiji bolupdy. Belli tälimçiniň aýtmagyna görä, türkmen figuralaýyn typyjylaryň bu ýyl hem tapawutlanmaga ähli mümkinçilikleri bar.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň