Mirziýoýew: «Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyzdyr, ygtybarly goňşymyzdyr we strategik hyzmatdaşymyzdyr»

23:1514.07.2022
0
4897
Mirziýoýew: «Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyzdyr, ygtybarly goňşymyzdyr we strategik hyzmatdaşymyzdyr»
Surat: president.uz

14-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde ýokary derejede, giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerden soňra, iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek dabarasy boldy. Soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Žurnalistlere ýüzlenmesinde Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana şu gezekki döwlet saparynyň özbek we türkmen halklarynyň dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, ynanyşmaga we özara goldawa esaslanýan doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyny belledi.

— Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyzdyr, ygtybarly goňşymyzdyr we strategik hyzmatdaşymyzdyr. Şu gün many-mazmunly, açyk we düýpli gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler biziň hyzmatdaşlygymyzy täze, has ýokary derejä çykarar.

Biz syýasy, söwda-ykdysady, ulag, suw, energetika we ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläkki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Bu çäreleriň toplumynyň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine pugta ynanýarys — diýip, özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de gepleşikleriň netijeleriniň Bilelikdäki Beýannamada, gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda öz beýanyny tapandygyny belledi.

— Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň biziň daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin — diýip, özbek Lideri sözüni dowam etdi.

— Dostum we doganym — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan bimöçber goşandyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin. Şeýle-de onuň halkara giňişlikde mynasyp orun eýeleýän Türkmenistanyň depginli we durnukly ösdürilmeginde bitiren ägirt uly hyzmatyny bellemän geçip bilmerin — diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew žurnalistlere ýüzlenmesinde aýratyn nygtady hem-de häzirki wagtda bu parasatly syýasatyň mynasyp dowam etdirilýändigine özbegistanlylaryň tüýs ýürekden begenýändiklerini belläp, Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda doganlyk Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň dowam etjekdigine, ilatyň abadançylygynyň barha ýokarlanjakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň