Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda 48 geleşik hasaba alyndy

01:0506.04.2015
0
3151

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-giç mal biržasynda geçirilen söwdalarda 48 geleşik hasaba alyndy. Russiýadan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan bolan telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen we nebit koksyny satyn aldylar. Beýik Britaniýaly, estoniýaly we owganystanly täjirler suwaldylan gaza (“Türkmengaz” DK-ni) hyrydar çykdylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna ýük awtoulagy, arassalanan pagta ýagy, nah-mata ýüplügi, nah mata galyndylary we beýleki harytlar ýerlenildi. Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Koreýa Respublikasy, Türkiýe, Malta, Täjigistan satyn alyjy ýurtlar hökmünde çykyş etdiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 20 million 82 müň dollaryna barabar boldy.

Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri depozit manat serişdelerine 676 müň manatlyk nah mata ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 542 müň manada barabar bolan polipropilen we polimer külkesini (TNGIZT), şeýle hem azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň