AFK-nyň kubogy ― 2022-niň Merkezi sebitiniň ýeňijisi Hujandda kesgitlener

18:0114.07.2022
0
3524

Şu gün AFK-nyň kubogynyň pleý-off tapgyrlarynyň bijeleri çekildi. Olarda ýaryşyň Merkezi sebitinde Täjigistanyň «Hujand» hem-de Özbegistanyň «Sogdiana» toparlarynyň arasynda boljak final duşuşygynyň geçiriljek ýeri hem kesgitlenildi. Sebitleýin final bir duşuşykdan ybarat bolar.

Bije çekişligiň netijesinde, duşuşygy 17-nji awgustda Täjigistanyň Hujand şäherindäki «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda geçirmek bellenildi. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Sebitleýin finalyň ýeňijisi sebitara ýarym finalda Gonkongyň «Istern» topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň