Lebapdaky kärhana şu ýyl Türkiýä 175,5 tonna ýüplük eksport etdi

11:4714.07.2022
0
3702

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda geçen alty aýda regenerirlenen ýüplügiň 176,5 tonnasy Türkiýä iberildi. Onuň 123 tonnadan gowragy geçen aýda öndürilendir.

Bu barada Jeyhun.news ýazýar.

Şonuň ýaly-da, bu ýurda nah pagtanyň 166 tonnadan gowragy ugradyldy. Şu döwürde bu ýerde nah pagtanyň 435,74 tonnasy öndürildi. Şeýle hem, kendir görnüşli watiniň 153 müň 100 metre ýakyny çykaryldy. Onuň 36 müň metri Gyrgyzystana iberildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň