Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Maryda dowam eder

11:2814.07.2022
0
4815

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyklar 15 ― 19-njy iýul aralygynda Mary şäherinde dowam eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň paýlaşan senenamaasyna laýyklykda, bu ýerde ýaryşyň 7 ― 10-njy tapgyrlarynyň duşuşyklary geçiriler. Ýaryşa Aşgabat şäherine we Ahal, Daşoguz hem-de Balkan welaýatlaryna wekilçilik edýän sekiz toparyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Şol sanda günbatar sebite «Deňizçi» we TNGIZT futzal toparlary wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Deňizçi» futzal topary Mary welaýatyna duşuşyklaryň başlanmazyndan bir hepde öň bardy. Bu ýerde toparyň agzalary ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna giren «Gadymy Merw» ýadygärlikler toplumyna hem aýlanyp gördi.

Yzda galan alty tapgyrdan soň 16 utuk toplan «Deňizçi» «Köpetdagdan» 2 utuklyk tapawut bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ýaryş tertibiniň öňdäki üçlügini «Gümrükçi» jemleýär.

7-nji tapgyrda «Deňizçi» TNGIZT bilen duşuşar. Şeýle hem şol tapgyrda «Daşoguz» ― «Ahal», «Köpetdag» ― «Milli goşun» we «Gümrükçi» ― «Senagatbank» duşuşyklary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň