Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy Özbegistan-Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

12:4113.07.2022
0
5473

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň ikinji tapgyryndan orun alan Özbegistan-Türkmenistan duşuşygy Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymynda göni efirde görkeziler. Bu barada teleýaýlymyň resmi saýtynda habar berilýär.

Özbegistan-Türkmenistan oýnunyň alyp görkezilişi 14-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 18:50-de başlanýar. Duşuşyk bolsa sagat 19:00-da badalga alar.

Türkmenistanly futbol janköýerlerine «Futbol» teleýaýlymy IPTV ulgamy arkaly elýeterlidir.

Maglumat üçin, tamamlanan iki tapgyrdan soňra Türkmenistanyň ýygyndysy 2 utuk bilen üçünji ýerde barýar. Ýaryş jedwelinde birinji we ikinji ýerleri üç utukdan toplan Eýranyň we Özbegistanyň zenanlar ýygyndylary eýeleýärler. Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň hasabynda bolsa 1 utuk bar. Biziň bu tapgyrdaky garşydaşymyz Özbegistanyň geçen oýnunda ýer eýesi Täjigistany 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini hem belläp geçmek gerek.

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionaty aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat ýaryşda iň köp utuk toplan topar çempion bolar. Ýaryşda Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň zenanlar ýygyndylary çempionlyk üçin göreşýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň