Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Sport» ilkinji gezek UEFA Konferensiýalar ligasynyň duşuşygyny ýaýlyma berer

12:3713.07.2022
0
7053

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy UEFA Konferensiýalar ligasynyň çäklerinde geçirilýän «Paýde» (Estoniýa) — «Dinamo» (Gruziýa) duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer. Bu barada Turkmen TV web saýtynda habar berilýär.

UEFA Konferensiýalar ligasynyň birinji saýlama tapgyrynyň jogap duşuşygyndan alnyp görkeziliş 14-nji iýulda sagat 20-55-de başlanýar.

Ýeri gelende, bu gapma-garşylygyň deslapky oýnunda «Paýdeniň» gahrymançylykly ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Eston topary şol oýnuň soňky on minutynda ýeňşi öz tarapyna agdyrmagy başarypdy. Bu jübütligiň ýeňijisi indiki saýlama tapgyrynda Ermenistanyň «Ararat» topary bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Maglumat üçin, «Türkmenistan Sport» mundan ozal, esasan, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň çempionatlarynyň, şeýle-de Angliýanyň Çempionşipiniň oýunlaryny ýaýlyma berýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň