Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda 123 müň 20 tonna ýeralma hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär

18:5112.07.2022
0
6216

Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl bu welaýatda ýeralma sekiz müň sekiz gektar ýere ekildi, munuň özi geçen ýyldakydan has köpdür. Ekiniň aglaba bölegi Gurbansoltan eje we S.A. Nyýazow adyndaky etraplarda ýetişdirilýär diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär. Şu günler ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak işleri dowam edýär. Bu işde Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe we Boldumsaz etraplary öňde barýarlar.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda jemi 123 müň 20 tonna ýeralma hasyly ýygnalar. Munuň üçin her gektaryň hasyllylygyny azyndan 140 sentnere ýetirmeli. Daşoguzly daýhanlar bellenilen sepgide ýeterler diýip ynam bilen aýtsa bolar. Çünki sebitde ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň