Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

21:5411.07.2022
0
7110

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlaryň mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge, külli musulman ymmatynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, deputatlaryň özara duşuşyklarynyň geçirilmeginiň hem-de geňeşmeleri guramak arkaly bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň