Türkmenistanda «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» žurnalynyň 2022-nji ýyldaky birinji sany çykdy

12:0411.07.2022
0
6712

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň resmi saýtynda «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň 2022-nji ýyldaky birinji sanynyň elektron görnüşi ýerleşdirildi.

Žurnalyň mazmuny ýaş türkmen alymlarynyň ýazan türkmen, rus hem-de iňlis dillerindäki 20-den gowrak ylmy makalalaryny özünde jemleýär.

Makalalaryň mowzuk çygry has giň bolup, bu ýerde dil öwreniş, medeniýeti öwreniş, ekologiýa, halkara ynsanperwerlik hukugy, energetika, IT ulgamy, senagat önümçiligi, lukmançylyk tehnologiýalary we beýleki ugurlar boýunça ýazylan ylmy işleri görmek bolýar.

Bu žurnal ýaşlary ylmy gözleglere itermek, olary bu ugurda höweslendirmek, döredijilik gözleglerine hyjuwlandyrmak hem-de ýaş alymlaryň hünärleriniň ylmy taýdan esaslandyrylmagyny gazanmak ýaly maksatlara gönükdirilendir.

Žurnaldaky ylmy makalalary şu salgylanmadan okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň