Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy Türkmenistan-Gyrgyzystan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

23:5710.07.2022
0
3845

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň ikinji tapgyryndan orun alan Türkmenistan-Gyrgyzystan duşuşygy Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymynda göni efirde görkeziler. Bu barada teleýaýlymyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan-Gyrgyzystan oýnunyň alyp görkezilişi 11-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 18:50-de başlanýar. Duşuşyk bolsa sagat 19:00-da badalga alar.

Türkmenistanly futbol janköýerlerine «Futbol» teleýaýlymy IPTV ulgamy arkaly elýeterlidir.

Bäş toparyň arasynda aýlaw görnüşinde geçirilýän turnirde Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň zenanlar ýygyndylary çempionlyk üçin göreşerler.

Ýeri gelende, Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň deslapky oýnunda Türkmenistanyň ýygyndysynyň Täjigistan bilen 1-1 hasabynda deň oýnandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, Türkmenistanly we Täjigistanly zenan futbolçylar ýaryşdaky ilkinji utuklaryny gazandylar.

Birinji aýlawdan soň deslapky duşuşygynda Gyrgyzystany 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, üç utuk toplan Eýranyň ýygyndysy ýaryş jedweline liderlik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň