Soňky habarlar

Arhiw

«Kaganat» Röwşen Meredowyň tälim bermegindäki ilkinji oýnunda uly hasapda ýeňiş gazandy

23:4010.07.2022
0
8096

«Ahalyň» öňki halypasy Röwşen Meredow «Kaganatyň» baş tälimçilisi hökmünde Gyrgyzystanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda uly hasapda ýeňiş gazandy.

Has takygy, Ahmatbek Suýumbaýew adyndaky stadionda geçirilen oýunda ýer eýesi «Kaganat» «Nur-Batken» toparyny 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, utuklarynyň sanyny 20-ä ýetiren «Kaganat» turnir tablisasynda altynjy orna göterildi.

Mundan ozal Röwşen Meredowyň «Kaganat» toparyna baş tälimçi bellenilendigini habar berendigimizi ýatladýarys. Tälimçiniň sözlerine görä, ol ýylyň başyndan bäri uzak aralykdan topar bilen işleşip gelýän eken.

Maglumat üçin, Röwşen Meredow 2020-nji ýylda dünýäniň islendik milli ýygyndysynda we toparlarynda tälimçilik etmäge hukuk berýän AFK-nyň PRO tälimçilik ygtyýarnamasy üçin synaglary üstünlikli tabşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň