Soňky habarlar

Arhiw

Azmun «Baýeriň» täze lybaslarynyň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy

17:1810.07.2022
0
3391

«Baýer Lewerkuzen» 2022/23-nji ýyl möwsüminde ýerli we myhmançylykda geýjek lybaslaryny görkezdi.

Toparyň öz meýdançasyndaky oýunlarynda geýjek toplumy gyzyl bolup, myhmançylykdaky oýunlar üçin bolsa gara toplum hödürlendi. Toparyň üçünji toplumy ak reňkde. Toparyň oýunçysy, asly türkmen bolan Serdar Azmun hem täze lybaslaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy.

Geçen möwsüm «Baýer» Bundesligada üçünji orny eýeledi we Çempionlar ligasyna gatnaşmagyny kepillendirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň