Söwda ulgamynyň ösdürilmegi türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär

09:1404.04.2015
0
9772

Häzirki wagtda söwda ulgamy depginli ösýän, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetindäki üýtgeşmeleri şöhlelendirýän pudaklaryň biri bolup durýar. Haryt dolanyşygynyň artýan möçberleri, onuň düzümi ilatyň hal-ýagdaýynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly esasy düzümleriň biri bolmak bilen, söwda toplumy sarp edijileriň bähbitlerini goramagyň, islegleri öwrenmegiň, halkyň sarp edýän harytlarynyň bazarynda sagdyn bäsdeşligiň kemala getirilmeginiň zerurlygy ýaly meseleleri çözmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda ösüş depgini haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 120,9 göterime deň boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça bu görkeziji 107 göterim derejesinde hasaba alyndy, lomaý haryt dolanyşygy boýunça bolsa ösüş depgini 128,3 göterime deň boldy. Gazanylan girdejileriň ösüş depgini 119,7 göterimden ybarat boldy. 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde maýa goýumlaryny özleşdirmekde 113 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen üç aýda birža söwdalarynyň 59-sy geçirilip, umumy bahasy 19 milliard 509,8 million manat bolan 5 müň 93 sany şertnama hasaba alyndy. Şol sanda eksport-import şertnamalarynyň bahasy 4 milliard 905,4 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 12 milliard 843,5 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 9 million 852,4 müň amerikan dollaryndan ybarat boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu döwürde edilen hyzmatlardan alnan girdejileriň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy, gazanylan peýdadan 139 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 605 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 169 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 112 göterime, oba hojalyk önümleriniň ösüş depgini 153 göterime deň boldy. Telekeçileriň ýerine ýetiren gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 20 göterim artdy. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 131 göterime, ilata edilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 126 göterime barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň