Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

14:3009.07.2022
0
6718

Türkmenistanda 9-njy, 10-njy we 11-nji iýulda bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna gutlag haty bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutany gutlag hatynyň başynda:

«Sizi ynsan kalbynyň tämizligini hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Gurban baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýip belleýär.

Türkmen Lideri gutlag hatynda Gurban baýramynyň ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orun tutýandygyny belleýär.

«Abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan her bir maşgalada bereketli saçaklary giňden ýazyp, baýramçylyk tagamlaryny taýýarlap hem-de gurbanlyk sadakalaryny berip, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine ygrarly eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýagşy doga-dilegleri, birek-birege mähirli arzuwlarymyzy beýan edýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda aýdyp geçýär.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany, müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň sygnyp gelen watansöýüjilik we ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk hem-de päk wyždanlylyk ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek bilen, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, namaz okamaklary, oraza tutmaklary, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde haj ybadatlaryny berjaý etmekleri üçin şu ýyl hem Türkmenistanyň wekillerinden ybarat topary doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik. Munuň özi jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýandygyny belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda: Gündogar hem-de Günbatar halklarynyň medeniýetleriniň, adamzat ösüşine aýgytly täsir eden pelsepewi mekdepleriň döremegine, dini kada-kanunlaryň, dogruçyllyk, päklik, bitewülik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary biziň egsilmez genji-hazynamyzdyr. Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, biziň döwrümize gelip ýeten bu miras halklary doganlaşdyrýar, parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýar» diýip, belleýär.

«Pederlerimiziň ýörelgelerini nusga edinip, mähriban halkymyzyň maksada okgunly, döredijilikli we işjeň zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanyp, ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys. Giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, ilkinji nobatda, halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýäris. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda senagat-önümçilik kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirip, eziz Watanymyzyň beýik geljegi üçin täze ösüşlere badalga berýäris.

Ýeten belent sepgitlerimizden, gazanan üstünliklerimizden, bagtyýar zamanamyzdan ruhlanyp, milli bähbitlerimiziň, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Çünki bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir» diýip, döwlet Baştutany belläp geçýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlag hatynyň ahyrynda watandaşlaryny mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň has-da belende galmagy üçin etjek ýagşy doga-dileglerimiz, gurbanlyk sadakalarymyz beýik hem-de keremli Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw edip, türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de maşgala rowaçlygyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň