Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde derejesi pugtalandyrylýar

07:0504.04.2015
0
12100

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda maýa goýumlary we gurluşyk boýunça hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna meýilnama 1459,92 million manat bolup, hakykatda 1898,03 million manatlyk maýa goýum özleşdirildi, ýagny degişli meýilnama 130 göterim möçberinde ýerine ýetirildi hem-de geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende şu görkeziji boýunça ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy.

2015-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda merkezleşdirilen býujet serişdeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 101,8 göterime barabar boldy. Şäheri abadanlaşdyrmak boýunça maksatlaýyn ýygymlara degişli meýilnama 157,3 göterim, döwlet serişdeleriniň hasabyna meýilnama 123,9 göterim möçberinde berjaý edildi.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň öz serişdeleriniň hasabyna göz öňünde tutulan maýa goýumlary 3 esse artyk möçberde özleşdirildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 9 esse köpdür.

2015 — 2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmegiň meýilnamasynyň çäklerinde şäheriň etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynyň, birnäçe edara binalarynyň, bazarlaryň we söwda merkezleriniň durky täzelenilýär hem-de inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlary döwrebaplaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde goýlan maksatlara ýetilmeginiň we wezipeleriň berjaý edilmeginiň Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hem-de sebitdäki we dünýädäki halkara durmuşynyň merkezi hökmündäki derejesiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ak mermerli paýtagtymyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna, gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Milletiň Lideri ähli gulluklaryň dolandyrylmagyny meýilleşdirmegiň netijeli ulgamyny we usullaryny, bazar gatnaşyklary, maýa goýumlary çekmek, şu ugurdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmak üçin oňaýly şertleri döretmegiň şäher hojalygyny özgertmegiň esasy ýörelgelerine öwrülmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň