Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

11:4309.07.2022
0
2826

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese we ýurduň ähli halkyna Argentina Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alberto Fernandese tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Argentinanyň Garaşsyzlyk jarnamasy 1816-njy ýylda kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň