Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmegiň möhletleri mälim boldy, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldiler we beýleki habarlar

10:5409.07.2022
0
10616

1. Türkmenistanda Gurban baýramynyň bellenilmegi mynasybetli 9, 10, 11 hem-de 12-nji iýul günleri dynç günleri diýlip yglan edildi. Baýramçylygyň 10-njy iýuldaky dynç gününe düşýän güni bolsa 12-nji iýula geçirildi.

2. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 11-nji iýuldan kabul edilip başlanar. Käbir okuw jaýlarynyň resminamalary kabul edilişigi bolsa 26-njy awgusta çenli dowam eder.

3. 8-10-njy iýul aralygynda Aşgabadyň «Halk market» dükanlar torunda harytlaryň ençeme görnüşleri arzan bahadan alyjyara hödürlener. Arzanladyş ähli musulmanlar üçin mukaddes baýramçylyk bolan Gurban Baýramy mynasybetli yglan edildi. Üç günüň dowamynda süýji we konditer önümlerini, süýt önümlerini, gaplanan hem-de şöhlat önümlerini we başga-da birnäçe harytlary amatly bahalardan satyn alyp bilersiňiz.

4. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Şeýle hem Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1160 manat möçberde bellemek we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak göz öňünde tutuldy.

5. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleri birleşigi hyzmatlaryň täze görnüşini — okuwlara onlaýn ýazylmak hyzmatyny hödürleýär. Has giňişleýin maglumatlary awtomekdep.edu.tm saýtyndan görüp bilersiňiz.

6. «Petronas» kompaniýasy 15-nji iýuldan 21-nji iýul aralygynda potratçylar üçin Açyk gapylar günlerini geçirer. Bu tapgyrlaýyn çäreler aýry-aýry işewürlik pudaklary boýunça duşuşyklary öz içine alýar. Açyk gapylar günlerine gatnaşmak üçin 15-nji iýula çenli (sagat 12:00-a çenli) kompaniýaňyzyň maglumatlary bilen pctsb_registration@petronas.com elektron poçta salgysyna hat iberip hasaba alynmaly.

7. Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abe kast etmek synanyşygyndan soň ýaralanyp aradan çykdy. Döwlet işgäri Nara şäherinde saýlawdan öň geçirilen çärede Liberal-Demokratik partiýany goldap çykyş etdi. Pajygaly ýagdaýyň bolan ýerinde Ýaponiýanyň Hökümetiniň ozalky baştutany iki gezek atylyp ýaralandy we aradan çykdy. Abe agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi, emma lukmanlar onuň janyny halas edip bilmediler.

8. Ermenistanyň hökümeti dünýäde Isa pygamberiň iň belent heýkelini dikmek barada taslama rugsat berdi. Heýkletaraş Armen Sambelýanyň taslamasyna laýyklykda, heýkeliň boýy mesihiň ýaşan ömrüne laýyklykda 33 metr bolar. Heýkeliň umumy beýikligi 77 metre ýetip, ol Ýerewandan 25 kilometrlikdäki Atis dagynyň üstünde gurlar.

9. Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň (CAFA) Duşenbe şäherinde geçirilen deslapky duşuşygynda Türkmenistanyň zenanlar futbol ýygyndysy Täjigistanyň ýygyndy topary bilen deňme-deň oýnady (1:1). Munisa Mirzoýewanyň 6-njy minutda geçiren goluna türkmen futbolçy zenanlary ikinji ýarymyň ortalarynda Swetlana Prýannikowanyň dürs urgusy bilen jogap berdiler. Indiki tapgyryň duşuşyklary 11-nji iýulda, duşenbe güni geçiriler.

10. Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Taýwanyň ýygyndysyndan 13:7 hasap bilen, Şri-Lankanyň ýygyndysyndan bolsa 13:15 hasap bilen asgyn gelip, Aziýanyň kubogyndaky çykyşyny tamamlady. Umumy netijede, Türkmenistanyň ýygyndy topary «D» toparçada üçünji orny eýeläp, çärýek final tapgyryna çykyp bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň