Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bilýardçylary dünýä çempionatyna gatnaşar

16:3608.07.2022
0
4216

Türkmenistanyň bilýard boýunça ýaşlar we milli ýygyndysy Gyrgyzystanda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar. Bu barada «Kabar» agentligi habar berdi.

Dünýä çempionaty Yssyk-Köl sebitiniň Çolpon-Ata şäherinde ulularyň we 19 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçiriler.

Ýaşlaryň arasynda geljek hepdäniň sişenbe gününden anna gününe çenli «Free Piramida World Junior Bilyards» ýaryşy geçiriler. 15-nji iýulda ulularyň arasynda «Dynamic Piramida» ýaryşyna badalga berler.

Dünýä çempionatyna 26 ýurtdan 240 töweregi türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus, Germaniýa, Gruziýa, Hindistan, Yrak, Eýran, Ispaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Latwiýa, Moldowa, Mongoliýa, Pakistan, Russiýa, Rumyniýa, Serbiýa, ABŞ, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Türkiýe we Koreýa Respublikasynyň türgenleridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň