Türkmenistanda 10 sany jemgyýetçilik we medeni desgany düýpli abatlamak meýilleşdirilýär

07:5208.07.2022
0
15676

Türkmenistanda Medeniýet ministrliginiň bölümlerine degişli on sany jemgyýetçilik we medeni desgany düýpli abatlamak meýilleşdirilýär. Bular, hususan-da:

  1. Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi;
  2. Türkmen döwlet gurjak teatry;
  3. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry;
  4. Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy;
  5. Türkmen döwlet medeniýet instituty;
  6. 4-nji çagalar çeperçilik mekdebi;
  7. Gypjakdaky Medeniýet öýi;
  8. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýän köşk;
  9. B.Kerbabaýew adyndaky kitaphana;
  10. Bagyrdaky Medeniýet öýi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda bu barada bildiriş berip, desgalary düýpli abatlamak üçin potratçy saýlamak barada bäsleşik yglan etdi.

Gyzyklanma bildirýän taraplar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bellenen wekiline ýüz tutup bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.

Bäsleşige teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Arzalar 19-njy awgustda 18:00-da çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-00-08, 44-00-32.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň