Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» bassyr ikinji gezek TFF-niň kubogynyň eýesi boldy

07:5208.07.2022
0
4706

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky geçirilen ýaryş tamamlandy. Günüň ahyrynda arzyly kubogyň eýesi belli boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden rüstem gelip, «Ahal» hem-de «Şagadam» futbol toparlary ýaryşyň finalyna çykmagy başardylar.

Final duşuşygy «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirilip, «Ahalyň» 2:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, «Ahal» bassyr ikinji ýyl kuboga mynasyp boldy. Topara ýeňiş getiren gollary duşuşygyň 8-nji hem-de 13-nji minutlarynda Arslanmyrat Amanow (11 m.j.u.) bilen Mirza Beknazarow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» topary «Nebitçiden» 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň