Soňky habarlar

Arhiw

Ertir zenanlar milli ýygyndy toparlarynyň arasynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionaty badalga alar

19:0807.07.2022
0
2622
Ertir zenanlar milli ýygyndy toparlarynyň arasynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionaty badalga alar

Ertir — 8-nji iýulda Duşenbe şäherinde (Täjigistan) taryhda ilkinji gezek geçirilýän Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) milli zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky çempionat badalga alar. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Ýaryşda jemi bäş topar, ýagny Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndylary baş baýrak ugrunda özara güýç synanyşarlar.

Şu gün CAFA-2022 milli zenanlar ýygyndylarynyň çempionatynyň başlamagynyň öňüsyrasynda Duşenbäniň «Rumy» myhmanhanasynda maslahat geçirildi.

8-nji iýuldan 20-nji iýul aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriljek ýaryşda Hamid Momeni (Eýran) we Nigora Abidowa (Özbegistan) komissarlyk ederler. Şeýlede CAFA-2022 milli zenanlar ýygyndy toparlarynyň çempionatynyň oýunlaryna bäş ýurtdan — Eýrandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan eminler belleniler.

CAFA-2022 zenanlar milli ýygyndy toparlarynyň çempionatynyň çäginde on oýun oýnalar. Duşuşyklar Duşenbäniň Merkezi stadionynda geçiriler. Düzgüne laýyklykda, zenanlar milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionaty aýlaw ulgamynda geçiriler. Ýaryşyň jemine görä iň köp utuk toplan topar ýeňiji diýlip yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň