Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistannda “Microsoft” korporasiýasynyň binýadynda işlenip düzülen bir bitewi elektron kitaphana ulgamy döredilýär

11:0103.04.2015
0
9503

“Nokatkompýuter” hojalyk birleşigi 1-nji aprelde korporatiw, awtomatlaşdyrylan kitaphana ulgamyny gurmaga girişdi. Ony 2016-njy ýylyň iýunynda işe girizmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň merkezi kitaphanalarynyň 76-synyň elektron maglumatlar binýady birleşdiriler. Munuň özi okyjylara ýurduň haýsy künjeginde gezip ýörendigine garamazdan, bu kitaphanalaryň arhiwlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda diňe Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň elektron katalogynyň özünde 600 müňden gowrak neşir önümleri barada maglumat saklanýar. Olaryň 500 müňe golaýy kitaplar bilen baglanyşyklydyr.

 Türkmenistanyň merkezleşdirilen, awtomatlaşdyrylan kitaphana ulgamy esasy iki bölümden: ýurduň merkezi kitaphanalaryny birikdirýän ýokary tizlikli kompýuter torundan we “Microsoft” korporasiýasynyň binýadynda onuň Türkmenistandaky wekilleri bilen bilelikde işlenip düzülen programma üpjünçiliginden ybaratdyr.

“Nokatkompýuter” hojalyk birleşigi tarapyndan toplanjak elektron katalog Türkmenistanyň tutuş kitaphana we elektron kitaphana gaznasyny özünde jemlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň