Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi

17:1707.07.2022
0
4608

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi. Bu barada ABŞ-nyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanasynyň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Kitap festiwalynyň başynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ýeten derejesini we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ýokary bahalady.

Kitap festiwalyna gatnaşyjylar amerikan klassyky edebiýatynyň türkmen diline terjime edilen nusgalary bilen tanyşdylar. Şeýle-de XIX asyra degişli seýrek duş gelýän kitaplaryň sergisini synlamaga mümkinçilik aldylar. Ýeri gelende, bu seýrek nusgalaryň gaýtadan dikeldiş işleriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen «Milli mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiniň Gaznasy» (AFCP) tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilendigini belläp geçmek gerek.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň