Türkmenistanly türgenler guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda ýedi medal gazandylar

16:5007.07.2022
0
10732

Tatarystan Respublikasynda geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda Russiýa Federasiýasynda okaýan türkmen talyplary gowy netijeleri gazandylar.

Çempionata 27 ýurtdan 200-den gowrak türgen gatnaşdy. Bäsleşikler ulularyň arasynda 11, ýaşlaryň arasynda 9 agram derejesinde geçirildi.

Çempionatyň netijelerine görä, ýeňiş gazanan türkmenistanly pälwanlaryň sanawy:

1.Baýramoraz Guwanjow — 60 kg-a çenli agram derejesinde, 3-nji orun;

2. Rasim Guseýinow — 60 kg-a çenli agram derejesinde, 3-nji orun;

3. Wepa Gurbanow — 65 kg-a çenli agram derejesinde, 3-nji orun;

4. Emirhan Esenow — 70 kg-a çenli agram derejesinde, 3-nji orun;

5. Nowruz Kakalyýew — 70 kg-a çenli agram derejesinde, 2-nji orun;

6. Atabek Amanow — 80 kg-a çenli agram derejesinde, 3-nji orun;

7. Silli Annameredow — 130 kg-a çenli agram derejesinde, 3-nji orun.

Bu ýurtdaky Türkmenistanyň Baş konsullygynyň, sport bilen işjeň meşgullanýan talyplar bilen yzygiderli duşuşyklar geçirýändigini bellemek gerek. Şeýle hem, Kazandaky diplomatik edarada ýokarda ady agzalan pälwanlary öz içine alýan talyp sport topary döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň