Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda TFF-niň kubogynyň 2022-nji ýyldaky eýesi belli bolýar

16:1707.07.2022
0
3407

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş şu gün tamamlanar. Günüň ahyrynda arzyly kubogyň eýesi belli bolar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden rüstem gelip, «Ahal» hem-de «Şagadam» futbol toparlaryň ýaryşyň finalyna çykmagy başardylar.

Final duşuşygy şu gün paýtagtdaky «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçiriler. Ol agşamlyk sagat 18:15-de başlanar.

Şeýle hem şu gün «Aşgabat» we «Nebitçi» toparlarynyň üçünji orun ugrunda göreşjekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň