Arhiw

«Lotta-line» köpugurly aragatnaşyk merkeziniň hyzmatlaryny hödürleýär

15:4007.07.2022
0
5707

Uzak aralykdan hyzmatlaryň möçberiniň we olara bolan islegleriň artmagy bilen baglylykda, köpugurly «Lotta Business Group» kompaniýasy «Lotta-line» aragatnaşyk merkezini döretdi. Merkez dürli kompaniýalaryň müşderiler bilen alyp barýan işini ýeňilleşdirmek we çaltlandyrmak wezipesini ýerine ýetirýär.

«Lotta-line» düzümden daşary (autsorsing) aragatnaşyk merkezidir, ýagny hyzmatdaş kompaniýalara degişli şertnama esasynda hyzmat edýär.

Aragatnaşyk merkeziniň wezipeleri:

  • internet-dükanlar, dermanhanalar we hyzmatlar ulgamyna degişli kompaniýalar üçin sargytlary kabul etmek hem-de resmileşdirmek;
  • töleg geçirmek, peýdalanmak we eltip bermek meseleleri boýunça maslahat hyzmaty;
  • dürli aksiýalar we arzanladyşlar hakynda müşderilere habar bermek;
  • harytlary we hyzmatlary kämilleşdirmek;
  • seljermek, täze müşderileri çekmek işi we bar bolan müşderileri saklamak;
  • pikir soraşma we marketing barlaglaryny geçirmek.

Aragatnaşyk merkezi bilen hyzmatdaşlyk saklamak kompaniýalara telefon jaňlarynyň aşa köp bolmagyndan başlap, müşderileri ýitirmek ýaly adam faktorlary bilen bagly meseleleriň öňüni almaga ýardam eder. «Lotta-line» müşderiler bilen işleşmek we sargytlary kabul etmek wezipeleriniň agramly bölegini öz üstüne alýar. Aragatnaşyk merkeziniň operatorlary В2В we В2С-kompaniýalary bilen işleşmekde telefon marketingi boýunça baý tejribä eýedirler. «Lotta-line» Türkmenistanyň islendik künjeginde ýerleşýän kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk saklamaga ukyplydyr.

«Lotta-line» aragatnaşyk merkeziniň işi barada has anyk maglumatlar bilen aşakdaky telefon belgileri boýunça tanşyp bilersiňiz: (+993 12) 75 47 99, (+993 65) 82 96 56.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň