Russiýanyň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow RF-de öndürilýän bugdaýa dünýä bazarlarynda islegiň ýokarydygyny habar berdi, emma häzirki wagtda gadaganlyklaryň girizilmegi bilen baglylykda, olara elýeterlilik çäklidir diýip, TASS ýazýar.
Peskow şeýle-de rus dänesiniň dünýä bazarlaryna eltilmegindäki päsgelçilikleriň bikanun gadaganlyklardyr çäklendirmeler netijesinde döreýändigini nygtady.