«Hemdem» keramika-granit dükany Gurban baýramy mynasybetli arzanladyş yglan edýär

11:0007.07.2022
0
6254

Aşgabatda ýerleşýän «Hemdem» keramika-granit önümleriniň dükany Gurban baýramy mynasybetli iýul aýynyň 31-ne çenli dükanyň harytlarynyň arzan bahalardan ýetirilýändigini habar berýär.

Arzanladyş döwründe keramika-granit önümleriniň orta göwrümli harytlaryny 20%, uly göwrümli harytlary bolsa 25% arzan bahadan satyn almak bolýar.

«Hemdem» dükany ýokary hilli we dünýäniň ösen hil standartlaryna laýyk gelýän keramika-granit önümleriniň dürli görnüşlerini müşderilere ýetirmäge ýöriteleşendir. Dükandan meşhur «Roka Cream» haryt nyşanly keramika plitalary, «Mico» brendiniň islendik örtükler we ýerler üçin dürli görnüşli keramika-granit önümlerini, şeýle hem 3D atanaklary hem-de plitalary berkidiji bölekleri tapmak bolýar.

Dükandan satyn alnan haryt şäheriň islendik ýerine tölegsiz we tiz eltilip berilýär. Şonuň bilen birlikde, müşderiniň satyn alan harydyndan artykmaç mukdary galan halatynda, ony satyn alan gününden bir aý geçmänkä dükana yzyna gaýdyp bermäge mümkinçiligi bardyr.

«Hemdem» dükany Aşgabat şäheriniň G.Kuliýew köçesinde ýerleşýän «Altyn» söwda binasynyň ikinji gatynda ýerleşýär. Dükandan bölekleýin we lomaý görnüşde söwda edip bolýar.

Habarlaşmak üçin:

• Telefon belgileri: (+993 65) 65 16 15; (+993 65) 67 79 47;
• Dükanyň sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň