Rafael Nadal kynçylyk bilen ýarym finalyň soňky ýollanmasyna eýe çykdy

23:3606.07.2022
0
406
Rafael Nadal kynçylyk bilen ýarym finalyň soňky ýollanmasyna eýe çykdy

Birnäçe minut ozal dört sagatdan gowrak dowam eden «Uimbldonyň» soňky çärýek final duşuşygy tamamlandy. Onda ispaniýaly Rafael Nadal 3-6, 7-5, 3-6, 7-5, 7-6 hasabynda amerikaly Teýlor Frisden üstün çykdy. Şeýlelikde, Nadal erkekleriň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşlaryň ýarym finalyna adyny ýazdyran dördünji tennisçi boldy. Şu gün geçirilen ýene bir çärýek final oýnunda awstraliýaly Nik Kirýos 6-4, 6-3, 7-6 hasabynda çilili Kristian Garini ýeňlişe sezewar etdi. Indi 8-nji iýulda geçiriljek ýarym final tapgyrynda Kemeron Norri - Nowak Jokowiç we Rafael Nadal - Nik Kirýos jübütlikleri aýgytlaýjy oýnuň ýollanmasy ugrunda korta çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň