Soňky habarlar

Arhiw

CAFA ― 2022-de Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna Kamil Mingazow tälim berýär

16:0806.07.2022
0
2602

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi-Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda baş tälimçi Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda ýaryşar.

Bu barada şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi. Şeýle hem saýt Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň häzirki düzüminiň iň täze suratlarynyň birini paýlaşdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli ýygyndymyz Täjigistanda geçiriljek ýaryşa gatnaşmak üçin düýn Türkmenistandan ugrady. Türkmen futbolçylary bir aýlawdan ybarat boljak ýaryşda 8-nji iýulda Täjigistanyň (22:00), 11-nji iýulda Gyrgyzystanyň (19:00), 14-nji iýulda Özbegistanyň (19:00), 17-nji iýulda bolsa Eýranyň (19:00) ýygyndysy bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň