Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we beýleki degişli edaralaryň wekilleri adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetçilik howpsuzlygynyň meseleleri barada ilata habar bermekde döwlet edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň orny bilen baglanyşykly sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Bu maslahat Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşygy saklamak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» atly taslamanyň çäklerinde guraldy.
Maslahata gatnaşyjylar onuň dowamynda döwlet guramalary bilen KHBS-iň arasyndaky gatnaşyklaryň ýörelgeleri, habarlary ýetirmegiň formatlary we usullary, adatdan daşary ýagdaýlarda ilaty habarlar bilen üpjün etmek ýaly meseleler barada pikir alyşdylar.